Belent sepgitleri nazarlap...

17 Aprel 2024
451

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumy hem uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýär. Esasy pudaklaryň biri hasaplanýan oba hojalyk ulgamynda öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan oba hojalyk işgärleri sahawata baý keremli topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Häzirki günlerde gadymy Murgap jülgesiniň zähmetsöýer daýhanlary ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilip, işler guramaçylykly häsiýete eýe bolýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergilerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ytygsaman boý alyp oturan bugdaýly meýdanlarda, ýazlyk ýeralma, sogan, şeýle-de gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işleri geçirilýär.