Durnukly ösüş ugry bilen

17 Aprel 2024
427

«Hoş habaryň ganaty bar» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede geçiren hökümet mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygy barada aýdylan hoş habar ulus-ilimiziň kalbyny egsilmez şatlyga besledi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň dünýäniň abraýly guramalarynyň netijeli hyzmatdaşyna öwrülendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkitmegiň hatyrasyna özüniň giň gerimli başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edip, bu ugurda aýratyn tagallalary durmuşa geçirýär. Özi-de ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky anyk ädimleri tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýedigi we özüniň köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletimiz BMG-niň adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, syýasy we ykdysady çökgünligiň öňüni almak ýaly möhüm ugurlarda hem maksatlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda öz tagallalaryny gaýgyrmaýar. Türkmenistan soňky ýyllarda özüniň Bitarap hukuk ýagdaýyna we köpasyrlyk ýörelgelerine esaslanyp, ynamly halkara hyzmatdaş hökmünde Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklary giňeltmekde-de syýasy giňişlikde öz ornuny has-da berkidýär. Munda durnukly ösüşi üpjün etmek, dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halklaryň dostlugyny berkitmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenilendir. Bu ugurdaky anyk ädimler öz gözbaşyny Milli Liderimiziň diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň döwletleri üçin ähmiýetli bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyndan alyp gaýdýar.

Züleýha JORAÝEWA,
Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.