Aýdym-saz diýlende, aslyny alyslardan alyp gaýdýan, halypadan şägirde, nesilden-nesle geçip, şu günlerimize gelip ýeten jadyly sungat göz öňüňde janlanýar. Şol sungat hem irginsiz zähmeti, yhlas-başarnygy, çäksiz söýgini talap edýär. «Bagşyly halk — bagtly halk» diýen aýtgyny ýörelge edinýän halkymyzda milli aýdym-saz sungatynyň taryhy ösüşiň şöhratly ýoluny geçdi. Halk bagşylarynyň we sazandalarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan sungaty kämilligiň ýokary derejesine ýetdi. Munuň üçin aýdym-saz ägirtleri ýaşlaryň bu ugurda orunlaryny tapmaklary üçin yhlas etdiler, mynasyp goşantlaryny goşdular.
Ajaýyp zamanada aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde çagalar sungat mekdepleri, ýörite sungat mekdepleri açyldy. Şol mekdeplerde hem ýaş nesiller aýdym-saz sungatynyň ilkinji basgançaklaryny geçýärler, bilim alýarlar, hünär öwrenýärler. Biziň welaýat ýörite sungat mekdebimizde okaýan talyp ýaşlarymyz hem bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Olar aýdym-sazyň inçe tilsimlerini ökdelik bilen ele alýarlar. Häzirki wagtda talyplarymyz özbaşdak aýdym aýdyp, saz çalyp, baýramçylyk çärelerinde yzygiderli çykyş edýärler. Halypa-şägirtlik ýoluna eýerýän bagtyýar talyplarymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine bildirýän ynamyny ödemäge çalyşýarlar. Elbetde, şeýle ýaşlaryň hatarynyň artmagy biziň hem çekýän zähmetimiziň ýerine düşdügidir.