Bol hasyl tohuma bagly

16 Aprel 2024
492

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurdumyzyň daýhanlary bugdaýdan we gowaçadan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynda gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlary ekilýän bolsa, galan welaýatlarda diňe orta süýümli sortlar ekilýär. Bu ýerde belläp geçmeli pursat, Daşoguz welaýatynda gowaçanyň pes boýlurak we ir ýetişýän sortlary ekilýär. Munuň özi welaýatyň toprak-howa şertleri bilen baglanyşyklydyr. Bu welaýatda ir ýetişýän gowaçanyň «149-F», «S – 4727» diýen özbek sortlary we ýerli «Daşoguz – 120»,  «Jeýhun», «Gubadag – 3» atly sortlary ekilýär.

Rejepmyrat BERDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň baş ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.