Döwletara dialog okgunly ilerledilýär

12 Aprel 2024
433

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerip, dünýä döwletleri bilen dostlukly hem-de hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar. Bu gatnaşyklar ruhy-medeni kökleriň umumylygyna, dostanalyga esaslanyp we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralyp, barha netijeli häsiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, dostlukly ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär, döwletara dialog okgunly ilerledilýär. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly söhbetdeşlikleri aýdyň şaýatlyk edýär.

TÜRKMENISTAN — RUSSIÝA: DÄP BOLAN HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

«Nesil».