Gülkä bagyşlanan ömür

9 Aprel 2024
464

Onuň döredijiligi meni okuwçy ýyllarymda özüne çekip başlapdy. Ol ýyllarda obamyzda gazet-žurnallary poçtalýonlar atly, eşekli getirerdiler. Dogrusy, olaryň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Her kim ýurtda bolýan täzelikler bilen tanyşjak, goşgudyr hekaýa, degişme okajak. Köplenjem gazet-žurnallarda çykýan satiriki eserler olaryň arasynda uly gyzyklanma dörederdi. Mahlasy, çeper sözden lezzet alnardy. 1969-njy ýylyň galyň garly ýanwarynda şol wagtky «Tokmak» žurnalynda «Çemçe sen» atly goşgy ýerleşdirilipdir. Aşagynda-da gyrasy gädilen çemçäniň suraty goýlupdyr. Goşgynyň awtory Gurbangylyç Hydyrowdy. Onuň öňki ýazýan satiriki hekaýalaryny, goşgularyny hem ürç edip okardyk. Şol döwürde dükanlarda çemçe tapdyryberenokdy. Şonuň yzysüre dükanlara täzeje çemçeler getirilip, ilatyň göwnüni galkyndyrypdy. Okyjylaryň göwnünden turan bu goşgynyň awtoryny görmek, onuň bilen ýakyndan söhbetdeş bolmak köpleriň arzuwyna öwrülipdi.

Okyjylar Gurbangylyç Hydyrowy, öz aýdyşy ýaly «Dünýäde iň dymma, gyjyklanyňda-da ýylgyrmajak adamlary» ýylgyrdyp bilýän gülki ussady hasaplaýardylar. Elbetde, ilçilikde her hili häsiýetli adamlaram tapylýar. Işýakmazlar, kişi hakyna göz gyzdyrýanlar onuň nazaryndan sypmazdy. Gurbangylyjyň şerebeli satirasy olaryň gyr jynydy. Siňe seretseň onuň eser döredişem, ulanýan jümlelerem biziň gadymy dessanlarymyzdaky «Çalsa — sazanda, hiňlense — bagşy, göreşse — pälwan, ursa — batyr» diýenleri bolup dur. Ýazanlarynyň içinde içiňi güldürip goýmalysam, mys-mys ýylgyrmalysam, hahahaýlap gülmelisem bar. Garasaý, durmuşyň gülküli tarapyny görmäge ussat kişidigini ile tanadyp bilipdi.

Me­ret ÝAG­ŞY­ÝEW,
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky 37-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.