Dostlugyň bahar berekedi

9 Aprel 2024
445

Milli Liderimiziň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary barada söhbet

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji aprelde dostlukly Täjigistanda resmi saparda boldy. Dünýäniň iň beýikde ýerleşýän daglyk paýtagtlarynyň biri hasaplanýan gözel Duşenbe belent mertebeli myhmanyny joşgunly aýdym-sazlary, gül açan bahar-ýazlary bilen garşylady. Milli lybasa beslenen, «Hoş geldiňiz!», «Huş omaded!» diýip, hem türkmençe, hem täjikçe mübärekleýän, iki dilde gezekleşdirip aýdym aýdýan, tans edýän döredijilik toparlarynyň şowhuny dag tarapdan gelýän adaja bahar şemalynyň öwüsginine garyşyp, çar ýana ýaýrap gidýärdi. Bu owaz — dost-doganlygyň owazy! Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň belent sylag-sarpasynyň güwäsi!

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.