Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

5 Aprel 2024
807

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.