Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar

3 Aprel 2024
613

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer pagtaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýer eýeleri üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gowaça ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Olaryň gowaça ekişini irki möhletde tamamlamak üçin bar yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklaryna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daýhan birleşiklerinde bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik.

Etrabyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýyl 1250 gektar ýerde gowaça ekişini amala aşyrmagy maksat edinýärler. «Ir eken utar» diýen pähime eýerýän, birleşigiň Anna Muhammedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 10-njy kärendeçiler toparynda alnyp barylýan işleri synlanyňda, daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we hünärmenleriň tagallalary netijesinde gowaça ekişiniň barha gyzyşýandygyny görmek bolýar.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.