Syýahatçylyk — kalplaryň söhbedi

28 Mart 2024
316

Ajaýyp zamanamyzda pederlerimiziň geçen şöhratly ýoly barada gürrüň berýän taryhy ýadygärlikleri, tebigatymyzyň gözel ýerlerini dünýäde wagyz etmäge bagyşlanan işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat hem döwletimiziň syýahatçylyk pudagynda gazananlaryny açyp görkezmekde, bu babatda hyzmatdaşlygy giňeltmekde nobatdaky ädim boldy. Halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň, şeýle-de Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen forumda dünýäde syýahatçylyk gatnaşyklaryny ilerletmegiň mümkinçilikleri, «Bir syýahatçylyk — tutuş sebit» atly bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi barada wajyp pikirler orta atyldy.

Dünýä ykdysadyýetinde syýahatçylyga uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine bagyşlanan işler barha giň gerim alýar.

Enejan DOLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hünärmeni.