Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleriAşgabatda halkara maslahat geçirildi

28 Mart 2024
344

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Dürli ýurtlar bilen bu ugurdaky üstünlikli gatnaşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ýurdumyz halkara forumlarda hem öz mümkinçiliklerini işjeň açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, düýn Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.