Ýaşaýşyň goşa güýji

27 Mart 2024
301

Ýer ýüzünde adam ogly peýda bolaly bäri ýaşap gelýän we hiç haçan güýjüni ýitirmedik, ýitirmejek bir hakykat bar: goý, adam ogly nähili çylşyrymly ýagdaýlary başdan geçirýän bolaýsyn, barybir, dünýäde diwar galdyranlar däl-de, köpri guranlar, uruş edenler däl-de, sungat döredenler, ýaragy däl-de, ýüregi güýçlüler rüstem çykýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä inen gününden bäri bu sözüň hakykatyň hut özüdigini aňryýany bilen tassyklap gelýär. Doganlyk halklaryň ýüreklerine köpri gurýan, ynanyşmagy we parahatçylygy sungat derejesine çenli çykaran Türkmenistan dünýäniň iň abraýly guramasynyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Kararnamalaryň 26-syny tassyklatmagy başardy. Şolaryň agramly bölegi hem tutuş adamzady dost bolup, dogan bolup, parahat ýaşamaga çagyrýan başlangyçlardyr.

26-njy tassyknama barada geçen hepdede geçirilen Hökümet mejlisinde berlen hoş habar her biriňiziň göwnüňizde gül ekendir. Döwlet Baştutanymyza-da habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Diýmek, XXI asyryň ikinji çärýeginiň ilkinji ýyly Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzüne ýene bir seslenmesine beslener. Dünýä jemgyýetçiligi ýene bir ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eder. Hawa, Türkmenistan şeýle ykrarnamanyň eýýäm ikinji gezek tassyklanylmagyny gazanýar. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda kabul edilen degişli Kararnama esasynda 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçipdi. Şol wagt türkmen tarapynyň bu başlangyjyna 73 döwlet awtordaş hökmünde çykyş eden bolsa, täze adybir Kararnamada bolsa olaryň sany 86-a ýetdi.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.