Müňýyllyklaryň mirasy

27 Mart 2024
543

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda özüniň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini döredip, adamzat siwilizasiýasynyň ösüş taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň köpüsi nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki döwürde türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmäge, olary geljekki nesillere ýetirmäge döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Şeýle oňyn aladalaryň netijesinde milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Amul galasy hem halkymyzyň şöhratly geçmişine şaýat bolan gadymy desgalaryň biridir. Ýadygärligi ylmy taýdan içgin öwrenmek, onuň dünyäde meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen şu ýylyň aprel aýynda welaýatymyzda «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň maksady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, olary halkara giňişligine ýaýmakdan ybaratdyr.

Nurýagdy HOŞWAGTOW,
«Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni.