Hoş habaryň şatlygy

26 Mart 2024
516

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz günsaýyn gülläp ösýär, halkara derejesindäki şan-şöhraty arşa galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýar. Geçen şenbe güni hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hakdaky şatlykly hoş habaryň aýdylmagy hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasatynyň barha rowaçlanmagy bagtyýar türkmen halkyny juda buýsandyrýar. Bu gün döwletimiz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäde parahatçylygy berkitmek, ähli halklaryň birek-birege hormat goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tagallalaryny öňe sürýär we bu ugurlarda hemmelere nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň barşynda belent münberden eden taryhy çykyşynda sebit we ählumumy möçberdäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze döredijilikli başlangyçlaryny beýan edende hem bu hakykata göz ýetirdik.

Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.