Änew medeniýetiniň milli öwüşginleri

26 Mart 2024
450

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Uly rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa özüniň guwandyryjy wakalary bilen türkmen halkynyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny barha baýlaşdyryp dur. Şeýle wakalaryň biri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly nobatdaky kitabyny halkymyza peşgeş bermegidir.

Mälim bolşy ýaly, bu şatlykly habary döwlet Baştutanymyz 23-nji martda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyza ýetirdi.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory, pedagogika ylymlarynyň doktory.