Doganlyk halklaryň guramasy

25 Mart 2024
407

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) türki halklaryň ýaşaýan ýurtlaryny we sebitlerini birleşdirýär. Onuň esasy maksady türki halklaryň doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekden, maddy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamakdan we geljekki nesillere ýetirmek üçin hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, şeýle hem dünýäde türki medeniýete wekilçilik etmekden ybaratdyr.

1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda Almaty şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň medeniýet ministrleri Türki medeniýetini we sungatyny bilelikde ösdürmek boýunça guramany döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekişýär. «TÜRKSOÝ» sözi hem şol guramanyň türk dilindäki adynyň (Türk kültür we sanatlary ortak ýönetimi) gysgaldylyp alnyşyndan emele gelýär.