«Çalık Enerji» Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy

25 Mart 2024
256

Türkiýäniň «Çalık Enerji» energiýa kompaniýasy Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndan we Şweýsariýanyň eksport-karz gullugyndan Türkmenistanda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin, takmynan, 586 million amerikan dollary möçberinde maliýe kepilligini aldy. Bu barada «Global Trade Review» neşirine salgylanyp, www.business.com.tm işewürlik saýty habar berdi.

Elektrik stansiýasynyň gurluşygy 40 aý dowam edip, şol döwürde «Commerzbank» Türkmenistanyň döwlet energiýa kompaniýasyna «Çalık Enerji» kompaniýasynyň adyndan şertnama obligasiýalaryny çykarar.

Akmämmet MUHAMMETNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.