«Thyssenkrupp» konserni «Marine Systemsiň» bir bölegini «Carlyle» maýa goýum kompaniýasyna satmakçy bolýar

25 Mart 2024
209

«Thyssenkrupp AG» nemes senagat konserni gämi gurluşyk pudagynda bilinýän «Marine Systemsiň» bir bölegini «Carlyle» maýa goýum kompaniýasyna satmagyň ýagdaýlaryny seljerýär. «Thyssenkrupp» konserniniň beýanatynda aýdylyşyna görä, taraplar bu biznesi düýpli seljermegi we bahalamagy ylalaşdylar. Bu hususy maýa goýum kompaniýasyna «Marine Systemsiň» bir bölegini satmaklyga birnäçe teklipleriň biri hökmünde seredilýär diýip, habarda nygtalýar. «Carlyle» bilen gepleşikleriň geçirilmegi parallel teklipleriň gapdala süýşürilmegini aňlatmaýar. «Thyssenkrupp» bu biznese gatnaşmak babatda Germaniýanyň hökümeti bilenem gepleşikleri geçirýär.

«Thyssenkrupp Marine Systems» gämi gurluşyk pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. Bu kompaniýa suwasty we suwüsti gämigurluşygyň enjamlaryny, deňiz elektronikasyny we howpsuzlyk ulgamyna degişli enjamlary öndüriji bolup çykyş edýär. «Marine Systemsiň» işgärleriniň umumy sany 7,8 müňe ýetýär.

Aýbölek ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.