Türkmenistan we Italiýa deňiz we demir ýol ulagy pudaklarynda ähtnamalar baglaşyldy

22 Mart 2024
405

Türkmenistan we Italiýa Tirren deňziniň merkezi böleginiň Port dolandyryş müdirligi hem-de Italiýanyň “Rete Ferroviaria Italiana” (RFI) demir ýol tory bilen özara düşünişmek hakynda iki sany Ähtnama baglaşdy. Bu barada Italiýanyň Infrastruktura we ulag ministrligi çarşenbe güni habar berdi. 

Degişli resminamalara Rim şäherinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwini bilen bolan duşuşygynyň dowamynda gol çekildi.