Mate RESETAR, «ThyssenKrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň enjamlary işe girizmek boýunça baş gözegçisi:

15 Mart 2024
335

— «ThyssenKrupp» Germaniýanyň iri senagat konsernleriniň biri bolup, işiniň esasy ugry ýokary erginli polat öndürmäge we metal işläp bejermek boýunça enjamlar bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilendir. Ol dürli görnüşli senagat harytlaryny, şol sanda awtoulag önümçiligi, metallurgiýa zawodlary üçin polat önümlerini taýýarlamak, deňiz we suwasty gämileriň gurluşygy, olarda elektronika enjamlaryny hem-de howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak, himiýa, sement, dag-magdan senagat kärhanalaryny gurmak, enjamlaşdyrmak bilen meşgullanýan kompaniýalaryň birnäçesini özüne birleşdirýär. «ThyssenKrupp Polysius GmbH» bolsa konserniň sement önümçiligi üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edýän düzümidir.

Kompaniýamyz 11 ýyl mundan ozal Türkmenistanda ilkinji taslamasyny durmuşa geçirdi. Jebel şäherçesinde ýerleşýän Balkan sement zawodynyň enjamlaşdyryş işlerini hem alyp bardy. Gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berlen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry-da çylşyrymly, şol bir wagtda täsin taslamalaryň biri boldy. Kärdeşlerimiz bilen bilelikde bu desgany bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda uly tagalla etdik. Bu gün bolsa öz işimiziň mynasyp netijelerini görüp, oňa tüýs ýürekden guwanýarys. Açylyş dabarasynda zawoda ornaşdyrylan enjamlaryň we ýerine ýetirilen inženerçilik işleriniň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurmak hem meniň üçin uly hormat boldy. Lebap sement zawodynyň täze tapgyry «ThyssenKrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyran üçünji senagat taslamasy bolup, biz hyzmatdaşlygymyzyň uzak möhletleýin esasda dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýäris.