Diplomatiýa forumy: hyzmatdaşlyga täze mazmun

14 Mart 2024
447

Heňňamlar döwri, eýýamlar döwleti, döwranlar beýik şahsyýetleri öňe çykarýar. Bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan, köküni taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan döwletimiz ähli döwürlerde-de türkmene mahsus diplomatik ýörelgelerine eýeripdir.

Häzirki döwürde pederlerimiziň paýhasly ýollaryny halkara giňişlige çykaryp, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende göterip, dünýäde giňden ykrar edilen Lider — Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda öňe süren daşary syýasy başlangyçlary ählumumy goldawa eýe bolýar. Muny bahar paslynyň ilkinji günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran sapary we Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşy hem aýdyň subut edýär.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.