Sport

13 Mart 2024
538

Gyzykly geçen ýaryşlar

Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, döwlet edaralarynyň işgärleriniň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Sagdyn ýaşlar — Watanyň geljegi» atly şygar bilen welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda woleýbol, küşt we şaşka boýunça sport ýaryşlary geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşlaryň netijesine görä, küşt we şaşka boýunça welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň topary, woleýbol boýunça Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary birinji orunlary eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.