Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge çagyrdy

13 Mart 2024
451

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strtaegiýasyny döretmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.