Ýeňil atletika ýaryşy

12 Mart 2024
346

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy oglanlaryň arasyndaky ýeňil atletika ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa ýaryşyň etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy oglanlar gatnaşdy.

Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryşda okuwçylar 100 metr aralyga ylgawda, estafetada, uzynlygyna bökmekde bäsleşdiler. Netijede, Ak bugdaý etrabynyň topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Kaka etrabynyň topary ikinji, Sarahs etrabynyň topary üçünji orny eýelediler. Ýaryşyň ýeňijilerine hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.