Aýdymçy oglanjyk

11 Mart 2024
675

Aýdym-saza bolan söýgi adamzat döräli bäri bardyr. Onuň bilen bagly dürli rowaýatlar, hekaýatlar biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň ählisinde-de aýdym-saz ynsan üçin esasy orunda durýan zat hasaplanylýar. Döwürleriň, heňňamlaryň eleginde aýdym-saz ençeme täzelikleri özüne siňdirdi. Şonuň netijesinde, ol sungatyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi.

Aýdym-saz sungatyna söýgi döretmek, olary kämilleşdirmek we ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Dürli bäsleşikler gurnalyp, täze zehinli ýaş nesiller ýüze çykarylýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz zehinini kämilleşdirýän, yzygiderli bäsleşiklerde ýeňiji bolýan aýdymçy oglanjyklaryň biri-de Ylham Ýazmyradowdyr. Ol Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdepde okaýar. Ylham Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», şeýle-de «Merdana nesil» ýaly bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşdy. Etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji boldy, döwlet tapgyrlarynda ikinji, üçünji orunlary eýeledi, höweslendiriji baýraklara eýe boldy.

«Güneş».