Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy bolar

11 Mart 2024
326

6-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle hem bu duşuşyga birleşigiň agza ýurtlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşykda Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.