Pyragynyň ady bilen...

11 Mart 2024
605

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýäde giňden meşhurlyga eýe bolýar, adamzadyň ünsüni özüne çekýär.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy aýdylanlaryň aýdyň görkezijisidir. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynda döreden gymmatlyklary bu günki günde adamzadyň genji-hazynasyna öwrülýär. Şeýle hem şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara dünýä ýurtlaryndan köp sanly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Bularyň hemmesi milli gymmatlyklarymyzyň ynsan kalbynda uly orun alýandygyny aňladýan aýratynlyklardyr.

Zalila ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.