44-nji «Altyn malina» baýragynyň «ýeňijileri» yglan edildi

11 Mart 2024
583

Däp bolşy ýaly, «Oskar» baýragynyň gowşurylyşyndan bir gün öň, ýylyň iň şowsuz filmlerine «gowşurylýan» 44-nji «Altyn malina» baýragynyň «ýeňijileri» yglan edildi. «Winni Puh: Gan we bal» gorkunç filmi bäş ugruň ählisi: «Iň şowsuz film», «Iň şowsuz režissýorlyk işi», «Iň şowsuz edebi esas», «Iň şowsuz operatorlyk işi» we «Iň şowsuz ekran görnüşi» ýaly ugurlar boýunça «Altyn malina» baýragynyň eýesi boldy.

Mundan başga-da, amerikaly aktrisa Megan Foks birbada iki sany «Altyn malina» baýragyna «eýe çykdy». Has takygy, ol «Jonny we Klaýd» filminde janlandyran keşbi üçin «Baş roldaky iň şowsuz aktrisa» ugry boýunça we «Togtadyp bolmaýanlar 4» filmindäki keşbi üçin «Ikinji derejeli keşbi janlandyran iň şowsuz aktrisa» ugry boýunça «Altyn malina» «mynasyp görüldi». Erkekleriň arasynda Jon Woýt «Tiz kömek» filmindäki keşbi üçin «Baş roldaky iň şowsuz aktýor» ugry boýunça «ýeňiji» diýlip yglan edilen bolsa, Silwester Stallona «Togtadyp bolmaýanlar 4» filmindäki keşbi üçin «Ikinji derejeli keşbi janlandyran iň şowsuz aktýor» ugry boýunça «Altyn malina» baýragy gowşuryldy.