Güýçlüler ýeňdi

6 Mart 2024
629

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdepde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” ady bilen sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. 2008—2010-njy ýyllarda doglan okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy.

Etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy oglan-gyzlardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçen ýaryş güýçlüleri öňe saýlady. Şeýlelikde, okuwçy oglanlaryň arasynda 37-nji orta mekdebiň topary birinji, 36-njy orta mekdebiň topary ikinji, 42-nji orta mekdebiň topary üçünji, okuwçy gyzlaryň arasynda 37-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 36-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.