Türkmenistanda ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça ÝHHG-niň forumy geçirildi

5 Mart 2024
403

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.

(TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy).