Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri

4 Mart 2024
509

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” atly sport bäsleşikleriniň çägindäki bu ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy.

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Onuň netijesinde okuwçy gyzlaryň arasynda 16-njy, 1-nji, ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepleriň toparlary degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Okuwçy oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 1-nji orta mekdebiň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.