Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürler maslahaty öz işine başlady

4 Mart 2024
324

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Söwda-senagat edarasyna 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisini hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. 

Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edildi.