Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde erkin söwda zolagynyň döredilmegini resmi taýdan tassyklady

3 Mart 2024
294

28-nji fewralda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Özbegistan — Türkmenistan» erkin söwda zolagyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Özbegistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary websaýtynda habar berlişi ýaly, 3,1 gektar meýdany eýeleýän zolak Horezm welaýatynyň Şawat sebitinde ýerleşer. Bu zolagy «Hazarasp» erkin ykdysady zolagynyň müdirligi dolandyrar.

Bilelikdäki taslama laýyklykda, täze söwda zolagynda döwrebap tehnologiýalaryň esasynda önümleri kabul etmek, saklamak, tertipleşdirmek hyzmatlary hödürlener. Müşderiler üçin «Bir penjire» ulgamynyň we interaktiw mehanizmleriň esasynda gümrük, salgyt, sertifikasiýa, fitosanitar, weterinariýa, transport hyzmatlary, bank, walýuta çalşygy, ykjam aragatnaşyk, şeýle-de lukmançylyk, myhmanhana, awtotransport we beýleki hyzmatlar dörediler. Bu ýerde diňe Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň satuwy guralar. Bölek söwda amallaryna rugsat berýän «erkin gümrük zolagy» gümrük usuly hereket eder. Söwda zolagyndaky binalar we desgalar elektron onlaýn auksionlaryň esasynda telekeçilik subýektlerine kärendesine berler.

Taýýarlan: Annaweli DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.