Türkmenistan we Owganystan ýangyç-energetika we ulag ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

3 Mart 2024
224

Hyzmatdaşlygyň ýangyç-energetika ugry:

Iki goňşy ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika taslamalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi (TOPH) Owganystanyň ykdysady ýagdaýyny kadalaşdyrmakda möhüm taslamalaryň biridir. Geljekde türkmen mawy ýangyjy owgan halkynyň törüni ýyladar. TOPH taslamasynyň çäklerinde Owganystan tebigy gazyň üstaşyr geçirilmeginden uly girdeji gazanar, taslama owgan ykdysadyýetine halkara maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine mümkinçilik döreder. Bar bolan maglumata laýyklykda, 800 kilometre golaý çäginden türkmen gazyny üstaşyr geçirmekden Owganystan ägirt uly ykdysady peýda — 1 milliard amerikan dollary töweregi girdeji gazanar we ýurtda 12 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Häzirki wagtda Türkmenistan elektrik energiýany diňe Owganystana däl-de, eýsem, onuň çäkleriniň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine hem ibermek, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan —Pakistan taslamalaryna uly gyzyklanma bildirilýär. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýan bu taslamalar sebitara utgaşygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.