Mekdep okuwçysynyň medaly

2 Mart 2024
409

22 — 25-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Fujeýra şäherinde geçirilen «Karate 1 — Ýaşlaryň ligasy» halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 25 türgen çykyş etdi. Bäsleşige 78 döwletden 2000-den gowrak türgen gatnaşdy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew kumite boýunça 52 kg agramda çykyş edip, bürünç medala eýe boldy. Ol birinji duşuşygynda Gazagystan Respublikasynyň türgenini ýeňip, ikinji duşuşykda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilinden asgyn geldi. Gurbannazar üçünji duşuşykda Hindistan Respublikasynyň, dördünji duşuşykda Iordaniýa döwletiniň, bäşinji duşuşykda Müsür Arap Respublikasynyň, altynjy duşuşykda bolsa Gazagystan Respublikasynyň türgenlerinden üstün çykdy.

«Türkmen sporty».