Ýaş ze­hin­le­riň arasynda

1 Mart 2024
497

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzy täze derejä çykarmak ugrunda uly işler amal edilýär. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek, beden taýdan berk, ruhubelent, maksadaokgunly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebinde amala aşyrylýan işler hem şeýle tagallalaryň bir bölegidir. 

Bu gün mek­de­bi­miz­de he­re­ket ed­ýän sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça okuw-tür­gen­le­şik sa­pak­la­ry­nyň ýaş­la­ryň kä­mil taý­ýar­ly­gy­ny ga­zan­mak­da ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Tä­lim­çi­le­riň alyp bar­ýan yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik iş­le­ri ne­ti­je­sin­de ýe­ňiş üçin yh­la­sy­ny gaý­gyr­ma­ýan tür­gen­ler ke­ma­la gel­ýär.

My­rat NUR­ÝAG­DY­ÝEW,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 11-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi-mu­gal­ly­my, fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň sport us­sa­dy.