Gadymy oýnuň ýaş muşdaklary

1 Mart 2024
373

Ýakynda türkmen milli oýny bolan takylatdy boýunça 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde guralan birinjilige Lebap, Daşoguz, Ahal welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan türgenler gatnaşdy. Bäsleşikde Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiň tälimçisi Ýazbike Öwezowanyň şägirtleri üstünlikli çykyş etdiler.

Ýaryşda duşuşyklaryň her birinde oýunçylara 20 minut wagt berlip, wagt ölçegi elektron sagatlar arkaly kesgitlenildi. Ýeňijini mälim etmek üçin bäsleşige gatnaşyjylar 11 aýlawdan ybarat bolan duşuşyklara gatnaşdylar.

Serdar BAÝLYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.