54 ýyl­dan soň bir oýun­da 5 gol ge­çir­en oýunçy

1 Mart 2024
561

Ang­li­ýa­nyň FA Ku­bo­gy­nyň çä­gin­de 1/8 fi­nal­da «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Lu­ton Tawn» bi­len du­şuş­dy. Myh­man­la­ryň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oýun­da «Man­çes­ter Si­ti» 6–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Man­çes­ter Si­ti­niň» gol­la­ry­nyň 5-si­ni Er­ling Ho­lann ge­çir­di. Ol 3-nji, 18-nji, 40-njy, 55-nji hem-de 58-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­dy. «Man­çes­ter Si­ti­niň» beý­le­ki go­lu­ny-da 72-nji mi­nut­da Ma­teo Ko­wa­çiç öz ady­na ýaz­dyr­dy. «Lu­ton Taw­nyň» gol­la­ry­nyň 2-si­ni hem Jor­dan Klark (45, 52) der­we­zä gi­riz­di. Du­şu­şyk­da Ho­lan­nyň ge­çi­ren 1-nji 4 go­lu­nyň asist­le­ri­ni Ke­win De Bruý­ne ber­di. Er­ling Ho­lann «Man­çes­ter Si­ti­de» 8-nji ge­zek het-trik edip, ol 1970-nji ýyl­da Jorj Best­den soň FA Ku­bo­gy du­şu­şy­gyn­da 5 gol ge­çi­ren il­kin­ji oýun­çy bol­dy. Ho­lann şu möw­süm­de 29 du­şu­şyk­da 27 gol ge­çi­rip, 6 go­luň pa­sy­ny ber­di.

Şeý­le-de, FA Ku­bo­gyn­da «Li­wer­pul» «So­ut­hemp­to­ny» Ku­mas we Dann­syň (2) gol­la­ry bi­len 3–0 ýeň­di. «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» myh­man­çy­lyk­da «Not­tin­gam Fo­res­ti» ýeň­me­gi üçin Ka­ze­mi­ro­nyň ýe­ke-täk go­ly ýe­ter­lik bol­dy. «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da Gal­la­ge­riň 90-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len «Lid­si» 3–2 ha­sa­byn­da utup, ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şeý­le-de, 1/8 fi­nal­da şu ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy: «Ko­went­ri Si­ti»—«Meýds­to­un Ýu­naý­ted»: 5–0, «Born­mut»—«Les­ter»: 0–1 (g.w.), «Bläk­börn»—«Nýu­kasl»: 1–1 (3–4 p), «Wul­wer­hemp­ton»–«Braý­ton»: 1–0. 16-njy mart­da ge­çi­ril­jek çär­ýek fi­nal­da «Man­çes­ter Si­ti» «Nýu­kas­ly», «Wul­wer­hemp­ton» «Ko­went­ri­ni», «Çel­si» «Les­te­ri», «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» «Li­wer­pu­ly» ka­bul eder.