Bra­zi­li­ýa­nyň 15-nji çem­pi­on­ly­gy

1 Mart 2024
653

Ke­narýaka fut­bo­ly bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da BAE-niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 12-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. 16 ýy­gyn­dy­nyň gat­na­şan çem­pio­na­tyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Sam­ba­çy­lar fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­ny 6–4 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bra­zil­le­re çem­pi­on­lyk ge­ti­ren gol­la­ryň 3-si­ni Rod­ri­go (12, 19, 29), beý­le­ki­le­ri-de Bru­no Ha­wi­er, Je­no­wa­li (23 ö.d.) hem-de Bren­do (27) ge­çir­di. Ital­ýan­lar­dan Je­no­wa­li­niň (4, 33) hem-de Faz­zi­ni­niň (19, 27) gol­la­ry ýeň­şe ýet­me­di. Şun­luk­da, Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 7 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň 6-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Bu ugur­da öň­de bar­ýan Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan öň 2006-njy, 2007-nji, 2008-nji, 2009-njy ýyl­lar­da bas­syr 4, şol san­da 2017-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. 1995–2004-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da BSWW-niň gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny-da ha­sa­ba ala­nyň­da, Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň sa­ny 15-e ýet­ýär. Sam­ba­çy­lar ge­çi­ri­len 10 çem­pio­na­tyň 9-syn­da mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kyp­dy­lar.

Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2008-nji we 2019-njy ýyl­lar­dan soň 3-nji ge­zek fi­nal­da as­gyn gel­di. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2015-nji we 2017-nji ýyl­lar­da 4-nji ýe­ri eýe­läp­di.