Meş­hur ekiz gim­nas­ti­ka­çy­lar kar­ýe­ra­la­ry­ny ta­mam­la­dy­lar

1 Mart 2024
440

Rus­si­ýa­ly meş­hur gim­nas­ti­ka­çy­lar, ekiz­ler Di­na hem-de Ari­na Awe­ri­na­lar öz­le­ri­niň pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­la­ry­ny ta­mam­lan­dyk­la­ry­ny ha­bar ber­di­ler. Çe­per gim­nas­ti­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy­la­ryn­dan ha­sap­lan­ýan 25 ýa­şyn­da­ky ekiz­ler Dün­ýä we Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da en­çe­me ge­zek çem­pi­on­lyk­ ga­zan­dy­lar. 1998-nji ýy­lyň 18-nji aw­gus­tyn­da Niž­niý-Now­go­rod­da dün­ýä inen Di­na we Ari­na Awe­ri­na­lar umu­my­lyk­da 52 al­tyn, 23 kü­müş, 9 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar. Eki­ztaýyna gö­rä, az­da-kän­de öňe saý­la­nan Di­na To­kio 2020 to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Di­na Awe­ri­na Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 18 (şol san­da 3 kü­müş, 1 bü­rünç), Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da 10 al­tyn (şol san­da 4 kü­müş, 1 bü­rünç) me­dal al­ma­gy ba­şar­dy. Ýew­ro­pa oýun­la­ryn­da 3 al­tyn, 1 kü­müş, 1 bü­rünç me­dal, Dün­ýä oýun­la­ryn­da-da 1 al­tyn, 3 kü­müş me­dal ga­zan­dy. Onuň umu­my­lyk­da 32 al­tyn, 14 kü­müş, 3 bü­rünç me­da­ly bar. Eki­ztaýyna ga­ra­nyň­da, me­dal­la­rynyň sa­ny az­rak bo­lan Ari­na Awe­ri­na Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 5 al­tyn, 6 kü­müş, 5 bü­rünç, Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da-da 9 al­tyn, 1 bü­rünç me­da­ly boý­nu­na dak­dy. Dün­ýä oýun­la­ryn­da 3 al­tyn me­dal ga­za­nan Ari­na Awe­ri­na «Gran Pri» ýa­ryş­la­ryn­da-da 3 al­tyn, 3 kü­müş me­dal ga­zan­dy. Ol umu­my­lyk­da 20 al­tyn, 9 kü­müş, 8 bü­rünç me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.