UEFA Ýew­ro­pa hem-de Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­lary­nyň 1/8 fi­na­ly­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di

1 Mart 2024
399

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da 1/8 fi­na­la çyk­jak 8 to­pa­ry kes­git­le­ýän pleý-off tap­gy­ry­nyň jo­gap du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Öz meý­dan­ça­syn­da jogapsyz 3 gol geçiren «Mi­lan» myh­man­çy­lyk­da «Renn­den» 3–2 hasabynda as­gyn gel­di. Bu­ri­go­nyň het-tri­gine garşy Ýo­wiçiň hem-de Leao­nyň gol­la­ry «Mi­la­na» ýe­ter­lik bol­dy. «Ro­ma» bi­len «Fe­ýe­no­or­dyň» ara­syn­da­ky jo­gap oý­nun­da-da 1-nji du­şu­şy­gyň ne­ti­je­si gaý­ta­la­nyp (1–1), pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de «Ro­ma» ýo­lu­ny do­wam eder. Myh­man­çy­lyk­da 4–2 ha­sa­byn­da «Bra­ga­ny» ýe­ňen «Ga­ra­baga» öz meý­dan­ça­syn­da­ky du­şu­şyk ýe­ňil düş­me­di. Esa­sy wag­ty 2–0 hasabynda myh­man­la­ryň peý­da­syn­da gu­ta­ran du­şu­şy­gyň goş­ma­ça mi­nu­ty has çe­ke­le­şik­li geç­di. Goş­ma­ça wag­tyň iň soň­ky mi­nu­tyn­da ge­çi­ri­len gol azer­baý­jan­ly­la­ry 1/8 fi­na­la çy­kar­dy.

Fran­si­ýa­da gol­suz ge­çen 1-nji oýun­dan soň «Lans» myh­man­çy­lyk­da 1-nji ýa­rym­da 2–0 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne «Fraý­burg» to­pa­ry du­şu­şyk ta­mam­lan­man­ka Ro­land Sal­lai­niň gol­la­ry bi­len ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Goş­ma­ça wagt­da-da Gre­go­ri­çiň go­ly ne­mes klu­bu­nyň 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy.