Woleýbolçy oglanlaryň arasyndaky final duşuşyklary

29 Fewral 2024
505

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy oglanlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşynyň final oýunlary geçirildi. Oňa welaýatymyzyň gündogar we günbatar sebitlerinde geçirilen ýaryşlaryň ýeňijileri gatnaşyp, öz aralarynda güýç synanyşdylar.

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan ýaryş örän gyzykly geçdi. Oňa gatnaşan okuwçy oglanlardan düzülen toparlar ukyp-başarnygyny görkezmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini subut etdiler.

Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.