Maksat ― täze medallar

27 Fewral 2024
574

Türkmen türgenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýyny halkara üstünlikleriň birnäçesine beslediler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň ilkinji aýynda türgenlerimiz halkara ýaryşlarda medallaryň 8-sini (4 altyn, 4 kümüş) gazanan bolsalar, fewral aýynda olaryň üstüni ýene birnäçesi bilen ýetirdiler. Gazanylan üstünliklerde biziň welaýatymyzyň türgenleriniň hem mynasyp paýynyň bolmagy başymyzy göge ýetirýär.

Bu gün welaýatymyzdaky sport toplumlarynda we mekdeplerinde türgenleşik işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etmeklerine oňyn şert döredýär. Häzirki günlerde halkara derejeli ýaryşlaryň ýene-de ençemesine taýýarlanýan türgenlerimiz olardan hem medallar bilen dolanyp gelip, Watanymyzyň sport abraýyna abraý goşmagy meýilleşdirýärler.

Serdar JUMMYÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň müdiri.