Kuraş: ezberler öňe saýlandy

27 Fewral 2024
417

Düýn Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek, türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrmak, milli ýygyndy toparlarynyň düzümine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden mynasyp türgenleri saýlap seçip almak, iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek, şeýle hem öz hünärine ussat türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen çempionata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden türgenler gatnaşdylar.

Çempionatyň netijeleri boýunça, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Döwlet Hemrakulyýew 66 kg agramda, Ilýas Muhammedow 73 kg agramda birinji orna mynasyp boldular. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Ylham Kemalow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Emin Omarow 100 kg agramda çykyş edip, tapawutlanmagy başardylar. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndan Serdar Babamuradow 60 kg agramda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» sport klubunyň türgeni Mekan Pardabaýew 81 kg agramda üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýelediler.

Daýanç AGANYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.