Türkmenistan — sport ýurdy

25 Fewral 2024
511

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024

Boks boýunça milli ýygyndymyz 17 — 28-nji fewral aralygynda Bosniýa we Gersogowina Respublikasynyň Saraýewa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýar. Toparda 7 türgen, 2 tälimçi, 1 wekil we 1 topar ýolbaşçysy bar. Topar şondan soň 29-njy fewral — 12-nji mart aralygynda Italiýa Respublikasynyň Busto Arsizio şäherinde geçiriljek I Bütindünýä saýlama ýaryşlaryna gatnaşar. Dostlukly ýurtlarda geçiriljek bu möhüm çärelere gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň agzalary 17-nji fewral — 13-nji mart aralygynda iş saparlarynda bolarlar.