Ata Watanymyzda sportuň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň türgenleri hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda üstünliklere eýe bolýarlar.
Sport mekdebimizde ýaş nesilleriň okuwdan boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, saýlap alan ugurlarynda kämilleşmegi üçin ähli şertler döredildi. Ussat tälimçilerimiziň biri bolan Nurmyrat Babaýewiň türgenleri Aşgabat şäheriniň çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Olardan Kemran Latipow 70 kg-de, Gudrat Berdiliýew 60 kg-de, Eziz Muhammedow 75 kg-de 1-nji, Emirhan Hojamyradow 42 kg-de 2-nji orunlara mynasyp boldular. Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilen uşu boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda Mekan Paltaýew 70 kg-de, Dawut Bekmyradow 56 kg-de, Şöhrat Rejepow 75 kg-de öňdäki orna mynasyp boldular. Söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Alai Nyýazmeňgliýewiň türgenleri Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Halkara ýaryşda sambo boýunça Babamyrat Baýramow 58 kg-de, söweş sambosy boýunça Ahmet Taňryberdiýew 58 kg-de 3-nji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.