Türkmenistan durnukly ulag ulgamy boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär

23 Fewral 2024
309

22-nji fewralda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde «Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri» atly ugurdaş çäresi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu çärä ýerli diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de 40-dan gowrak ýurtdan we halkara guramalardan 70-e golaý wekiller we halkara bilermenler gatnaşdylar.