«Wildberries» onlaýn dükany türkmen bazaryna girmek mümkinçiligini öwrenýär

12 Fewral 2024
351

Russiýanyň iň uly onlaýn dükanlaryndan biri bolan «Wildberries» türkmen bazaryna girmek mümkinçiligini öwrenýär.

Kompaniýanyň esaslandyryjysy Tatýana Bakalçugyň sözlerine görä, «Wildberries»-iň onlaýn dükany Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlarynyň bazarlaryna eýýäm ornaşyp, indi bu uly kompaniýanyň ümzügi GDA ýurtlaryna, has takygy, Türkmenistana hem-de Täjigistana gönügendir.

Taýýarlan: Bibi PENAÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.