Awtobusda barýaryn. Bir gyzjagaz boýnuny süýndürip ýanýodada ekilen güllere seredýär. Gözi doýman olary gözleri bilen özüne alaýjak bolýar. Ejesiniň oňa gahary gelýär. Haýsydyr bir otjagaz üçin gyzynyň elden-aýakdan çykyp, elejiräp oturyşyna düşünmek kyn. Ýüzi-gözi bilen köpçülik ýerinde parahat oturmagy yşarat edýän ejesiniň näme diýýäni ony hem müýnürgedip duranok. Gyzjagaz güljagazlary synlap ganyp bilenok.
— Eje, hol bagjagaza seret. Gel, biz şu ýerde düşeli — diýip, ol ýene bir ýerlere ünsüni dikýär. Onuň gözüni penjireden aýyrman, ejesiniň elini eline alyp boýurganyşy göz öňüňden gider ýaly däl.