Ökdeler belli boldy

6 Fewral 2024
357

Biziň sport mekdebimizde ýaşlar sportuň sekiz görnüşi — tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, kik-boksing, badminton, gylyçlaşmak, boks, dzýudo, erkin göreş boýunça tälim alýarlar. Mekdebimiziň maddy-tehniki üpjünçiligi diňe bir türgenleşikleri däl-de, eýsem, welaýat, döwlet derejelerindäki ýaryşlary guramaga hem mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem mekdebimiziň binýadynda ýygy-ýygydan çempionatlar, birinjilikler geçirilip durulýar.

Kik-boksing boýunça welaýatyň şu ýylky çempionatyny geçirmek üçin hem biziň mekdebimiz saýlanylyp alyndy. Oňa Türkmenabat şäherinden üç topar, Çärjew hem-de Dänew etraplarynyň hersinden bir topar gatnaşdy. Duşuşyklaryň netijeleri Türkmenabat şäheriniň türgenleriniň çempionata has gowy taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Onda biziň mekdebimiziň türgenleri gowy netijeleri görkezdiler. Olar 24 sany birinji, 20 sany ikinji we 32 sany üçünji orunlara mynasyp boldular. Şäheriň 9-njy sport mekdebiniň kik-boksçylarynyň 11-si birinji, 13-si ikinji we şonçasy üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Welaýat merkezindäki 3-nji sport mekdebiniň wekilleri bolsa 8 sany birinji, şonça ikinji hem-de 13 sany üçünji orunlary eýlediler. Çärjewli türgenler ýaryşy jemi 9 sany baýrakly orun bilen tamamladylar. Olaryň 2-si birinji, 3-si ikinji w 4-si üçünji orunlardyr. Dänew etrabyndan gelen kik-boksçylar bolsa öz hasabyna 1 sany birinji, 2 sany ikinji we 4 sany üçünji orunlary ýazdyrdylar.

Adylbek ÝAKUBOW,
Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiň instruktor usulyýetçisi.